
Biz — ýaşlary yzygiderli üns-alada bilen gurşap alýan hormatly Arkadagymyzyň geçen ýylyň güýz paslynyň ilkinji günlerinde mübärek gadamynyň gadymy Mary topragyna düşmegi welaýatymyzyň ähli ýaşaýjylarynyň buýsançly başyny göge ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyzyň iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna gelip, talyp ýaşlar we halypa mugallymlar bilen didarlaşmagy, mugallym, professor, akademik hökmünde biziň bilen duşuşyp, umumy okuw sapagyny geçmegi, özüniň paýhasly öwüt-nesihatlaryny peşgeş bermegi ýüreklerimizde bahar ýakymyny döretdi.
Şol duşuşykda ýurdumyzyň dünýäniň ykdysadyýet hojalygyna hem barha işjeň goşulmagynyň, senagatda elektrik energiýasyny sarp edýän senagat enjamlarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň, täze önümçilikleriň, täze obalardyr şäherleriň döredilmeginiň, telekeçilik işlerine uly ýol açylmagynyň, oba hojalyk bölümleriniň gaýtadan işleýän önümçilikleriniň döredilmeginiň elektrik energiýasyny köp öndürmekligiň talap edilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly hem bökdençsiz üpjün etmegiň zerurdygyna üns çekdi. Mähriban Arkadagymyzyň: «Elektrik energetikasy pudagy tarapyndan geljekde-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işler dowam etdiriler. Ýurdumyzda Gün energiýasyny öndürýän Gün panelleriniň önümçiligini giňden ýola goýmak we durmuşa ornaşdyrmak boýunça degişli işleri geçirmäge-de wagt ýetdi. Bu işlerde ýaş alymlara, ýaş energetiklere bil baglanylýar» diýen sözleri eziz Watanymyzyň diňe bir geljeginiň däl, eýsem, şu gününiň hem biz — ýaşlara ynanylýandygyny görkezýär. Halkymyz bize uly ynam bildirýär. Şol belent ynamy ödemek bolsa mukaddes borçdur.
Gülzada ŞAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.