
17-nji martda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady.
Şu gezekki ýubileý sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurda iş alyp barýan agzalarynyň 200-den gowragy öz önümlerini hem-de geçen döwürde gazanan üstünliklerini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu köpugurly gözden geçirilişiň öz işine başlamagy mynasybetli senagatçylara we telekeçilere iberen Gutlagynda geçen 15 ýylda birleşmäniň agzalarynyň ýeten sepgitleriniň hususy pudagyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülendigine şaýatlyk edýändigini aýratyn belledi.
Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu günki gün ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 28 müňden gowragyny özünde jemleýär. Häzirki wagtda birleşmäniň agzalarynyň söwda boýunça haryt dolanyşygynyň depgini, 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 39,3 esse ýokarlandy. Şu döwürde türkmen telekeçileri öz öndüren oba hojalyk we azyk önümleriniň ösüşini 130,4, senagat önümleriniň ösüş depginini bolsa 82,8 esse artdyrmagy başardylar. Işewürler milli ykdysadyýetde hususy pudagyň ornuny düýpli ýokarlandyrmaga, bazar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, içerki bazarlarda azyk hem-de haryt bolçulygyny üpjün etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny açyp görkezýän nobatdaky gözden geçirilişde telekeçileriň dürli ugurlar boýunça öndürip başlan täze önümleriniň hem köp sanlysyny görmek bolýar.
Begendik DÖWLETÝAROW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.