
Her ýylyň ýaz paslynda dabaralanýan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni öz milli aýratynlyklary, taryhy kökleri we köp öwüşginli däpleri bilen ähli ynsanlarda ajaýyp täsirleri galdyrýar.
Döwletli döwrümiziň mähribanlygy, bagtyýarlygy, rowaçlygy bilen ulaşyp gelen ýazlarymyz we onuň gözellikleri kalplara hem duýgulara juda jaýdar täsir edýär. Nowruz günlerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň utgaşmagy bolsa onuň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Hut şunuň özi hem biziň berkararlygymyzyň, ýaz mährine juda ýakynlygymyzyň, haýyrly işleri wagtynda jäht tutýanlygymyzyň güwäsidir. Baglaryň pyntyk ýaryp, geljekki hasylyň bereketli boljakdygyndan habar berýän bagy-bossanlyga, läle-reýhanlyga gözüň düşende, şu mähriban topragyň keramatyna has-da ýiti düşünýärsiň. Maýsaly meýdanlarda ýazlyk bugdaýlaryň gögerip, ýaşyl begres kimin ýaýylyp durmasy bolsa rysgally saçaklara bolan sarpamyzy has-da ebedileşdirýär. Biziň her birimiziň ykbalymyz bilen dahylly bu görnüşler gözlerde eglenip, göwünlere ýol salýar.
Gündogar halklarynyň senenamasynda aýratyn orny eýeleýän Nowruz baýramy gadymy Oguz topragynda hem mynasyp derejede bellenilýär. Taryhy kitaplarda Nowruz bilen dünýäniň taryhynyň başlanýandygy aýdylýar. Şahyryň şygyr sertirlerinde bolsa onuň waspy şeýle ýaňlanýar:
Bu gün gadym kökli Oguz ýurdunda,
Gazanlarda semeniler gaýnaýar.
Ýazyň ýakymyna açylan gülleň
Hoşboý ysy çar tarapa ýaýraýar.
Ak ýagyşlar bereketdir bu ýurda,
Baharlary baky gelmiş bu ýurduň.
Asmanynda Älemgoşar lowurdan
Ýurdum Zemin üzre gurulan nursuň.
Didelerde döwletlik döwresi,
Dillermizde Nowruznama dessany.
Nowruz ýaýlasynda baýram belleýän,
Synlaň, baky bahar Türkmenistany!
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem bu baýramyň at-owazasy dünýä ýaň salýar. Şu ajaýyp baýramçylyk bilen bolsa ähli halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi mähirli gutlaýarys.
Batyr ÇARYÝAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.