
Ertir — 18-nji martda ýurdumyzda geçiriljek ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy asylly däbe öwrülen ekologik tutumyň mynasyp dowamydyr.
Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýyl ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbi ekiler. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylar.
Eziz Diýarymyzda halkymyzyň ekologiýa taýdan arassa şertlerde ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen, ekologiýany we daşky gurşawy goramak ugrunda alnyp barylýan derwaýys işler raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak ýaly asylly ýörelgelerden gözbaş alýar. Bag ekmek arkaly ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalar raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek babatda örän ähmiýetlidir.
Geçen ýylyň baharynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berlendigini hem buýsançly ýatlamak gerek. Ýaşyl baglar, elbetde, nesil dowamatynyň rowaçlanmagydyr, bu asylly işi dowam etdirmek bolsa her birimiziň bagtyýar ýaşamagymyz bilen aýrylmaz baglanşyklydyr.
Dünýägözel HAÝTEKOWA,
TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.