Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Gündelik iýmitiňizde gök önüm iýmegiň peýdalary

16-03-2023 / 5054

Her bir adam gündelik iýýän iýmitlerine ünsli garamalydyr. Çünki ähli iýmit adam üçin peýdaly bolup bilmez. Käbir iýmitleriň saglyga zyýanly täsirini ýetirýän halatlary-da bolýar. Şoňa görä, saglygymyzy goramak üçin, peýdaly önümleri peýdalanmalydyrys. Çünki peýdaly önümiň düzümindäki witaminler we mikroelementler howply täze döremelere garşy göreşmäge ukyplydyrlar.

Beta-karotin howply çişleriň öýjüklerine garşy göreşýär. Bu madda hurmada, erikde, garalyda, pomidorda, käşirde köp saklanýar. A, С, E witaminleriň hem edil şunuň ýaly täsiri bardyr. Mundan başga-da, bu witaminler şugundyrda, ysmanakda, deňiz suwotularynda köp mukdarda saklanýarlar.

Gök önümler we miweler witaminlerden, mikroelementlerden başga-da ösümlik süýümlerine baýdyr. Ösümlik süýümleri zyýanly maddalary we kanserogenleri özüne birleşdirip, bedenden daşyna çykarmaga kömek edýärler. Şeýlelikde, olar içegede çiş keseliniň döremeginiň öňüni alýarlar.

Iýmitlenmäge degişli aşakdaky maslahatlara eýerseňiz, keselleriň öňüni almakda gowy netije gazanyp bilersiňiz:

— Gündelik iýmitiňizde hökman gök önümleriň we miweleriň bolmagyny gazanyň.

— Gündelik iýmitiňizde bitewi ýa-da üwelen et önümleriň azyndan 35 gram bolmagy zerurdyr.

— Gündelik iýmitiňizde ýagly, gowrulan, tüssä kakadylan et önümleriniň az bolmagyny, olaryň ýerine gaýnadylan, buglanan et önümleriniň köpräk bolmagyny gazanyň.

— Aşa gyzgyn, aşa duzly, aşa ajy önümlerden daşda duruň.

— Her bir adam iýmitinde miweleri, sogan, sarymsak, gök çaý, kakadylan miweler, süýt önümleri, deňiz önümleri, limon we ş.m. ulanmaly.

Her bir adam öz saglygyna we ýakyn adamlarynyň saglygyna üns bermelidir. Islendik keseliň hem iň ygtybarly bejergisi olaryň öňüni almakdyr.

Deňli EÝEBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener­tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com