
Kädini güýz we gyş aýlarynda iýmek has-da peýdalydyr. Kädi iýun-iýul aýlarynda gülläp, awgust-sentýabr aýlarynda bolsa hasyl berýär. Ylmy barlaglar kädiniň düzüminiň adam bedeni üçin zerur bolan peýdaly maddalara juda baýdygyny tassyklaýar. Onuň etlek böleginde peýdaly maddalar ýagny, karotin, folasin, B toparyň witaminlerine girýän B1, B2, B6 witaminleri, mineral maddalar bolan kremniý, kaliý, magniý, natriý, demir we beýlekiler örän köpdür.
Kädidäki askorbin turşusy dümewden saplanmaga, B toparyň witaminleri ýadawlygy, gaharjaňlygy, ukusyzlygy aýyrmaga, A we E witaminleri ýygyrtlaryň öňüni almaga, T witamini agyr naharlary siňdirmäge, semizligiň garşysyna göreşmäge kömek edýär. Ondaky karotin käşir bilen deňeşdirilende 5 esse, sygryň bagry bilen deňeşdirilende bolsa 3 esse köpdür. Şol sebäpli göz kesellerinde kädi iýmek maslahat berilýär.
Merkezi Aziýanyň halk lukmançylygynda kädi deri keselleri üçin-de ulanylýar. Kädi bagyr, böwrek, ýürek-damar kesellerinde, bedendäki çişi aýyrmakda hem örän peýdalydyr. Buşukdyryjy serişde hökmünde kädi suwundan günde ýarym bulgur içmek maslahat berilýär. Ony süňňüňde duz çalşygy bozulanda, horlanmak üçin, ateroskleroz, garyn-içege, sarygetirme kesellerinde-de ulanyp bolar. Kädide demriň mukdarynyň köplügi sebäpli, ony ganazlykda ulanmak peýdalydyr. Bagyr kesellerinde arassalanan çig kädini iýmeklik maslahat berilýär. Eger-de çig iýesiňiz gelmese, ony bugdaý ýarmasy, tüwi bilen garyp, şüle görnüşinde bişirip iýseňizem bolar. Içegeleriň işini kadalaşdyrýandygy üçin, kädiniň içgatamada hem peýdasy köpdür.
Bal bilen garylan kädi çigidini soguljanyň garşysyna ulanmak peýdalydyr. Çünki çigidiniň düzüminde ýokary hilli iýmit ýagy bolup, onuň mukdary 32-52 göterime ýetýär. Awstriýa, Germaniýa, Rumyniýa ýaly Ýewropa ýurtlarynda kädi çigidiniň ýagy dürli işdäaçarlary taýýarlamakda hem ulanylýar. Ondan başga-da kädiniň çigidinde sinkiň mukdary köp. Şol sebäpli sink ýetmezçiligi bilen bagly bolan düwürtige, ýagty goňaga garşy kädi çigidini çigitlemek maslahat berilýär.
Gapurjan GEDAÝDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň esasy hünärmen-derňewçisi.