
Eziz Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak, olary geljek nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tebigy baýlyklary goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Bu bolsa adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar.
Tebigy baýlyklary goramak babatynda asylly başlangyçlary öňe sürmek bilen, olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan anyk çäreler görülýär. Halkara kadalaryna laýyk gelýän «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan çäkler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» we beýleki Kanunlar kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz baý tebigy serişdelerine eýe bolan, şonuň bilen birlikde, aýawly çemeleşmegi talap edýän dürli görnüşli ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan täsin suw howdanynyň ekologik abadançylygyny gorap saklamagy möhüm ugur hökmünde kesgitledi. Hazar deňziniň türkmen bölegi ekologiýa taýdan örän arassa hasaplanýar, munuň özi bu ugurda yzygiderli we maksadalaýyk geçirilýän işler bilen düşündirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gojaman Hazaryň kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy iri halkara syýahatçylyk merkezine öwrülýär. Deňiz ýakasynda bina edilen ähli desgalardyr binalaryň daşky gurşaw üçin howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýändigi onuň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Awazanyň bagy-bossanlyga bürelmegine, bu ýerde seýilgähleriň sanynyň artdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda suw, ýer we biologik serişdeleri netijeli peýdalanmak, biologik köpdürlüligi we tebigy landşaftlary goramak, çölleşmä garşy göreşmek babatda uly işler alnyp barylýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde köpçülikleýin bag oturtmak asylly däbe öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawa aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Eziz Diýarymyzda milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýaşyl zolaklaryň döredilmegi bolsa, bu ugurda asylly işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyndan habar berýär.
Döwletmyrat HAJYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.