Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Muzeýlerde geçmiş ýaşaýar

14-03-2023 / 5051

Gojaman taryhyň dürli döwürlerinde halkymyzyň medeni durmuşyny, taryhy-durmuş tejribesini öwrenmekde ygtybarly çeşme bolup durýan, asyrlaryň syryny öz süňňüne siňdiren muzeýler durmuşymyzyň düýni baradaky wakalaryň şaýatnamasyna öwrülen gymmatlyklardyr.

Türkmenistanyň muzeý işiniň gözbaşyny alan ýeri bolan welaýatymyzda häzirki wagtda hem geçmiş taryhymyzyň şöhratly wakalaryndan habar berýän eksponatlar bilen bezelen kaşaň binada Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýerleşýär. Bu muzeý ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň milli gymmatlyklarynyň goralyp saklanylýan mirashanasyna, medeni-ylmy ojaga, wagyz işleriniň dürli görnüşleriniň alnyp barylýan merkezleriniň  birine öwrüldi. Syýahatçylyk ulgamynyň ösmeginde muzeýler  ýurtda uly hyzmaty ýerine ýetirýär. Çünki muzeýleriň altyn hazynasyny düzýän gymmatbaha metallardan ýasalan  we  beýleki  esbaplar – dürli döwrüň wakalarynyň şaýady bolan arheologik tapyndylar, taryhy resminamalar, türkmen topragynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, ýurduň ýerasty we ýerüsti tebigy baýlyklary hakynda söz açýan eksponatlar, türkmeniň dünýä nusgalyk naýbaşy milli gymmatlygy bolan haly we haly önümleriniň dürli görnüşleri, ýurtda seýrek duş gelýän geologik tapyndylar halkyň geçmiş we şu günki medeniýetiniň ösen derejesinden habar berýär. Muzeýe baran her bir watandaşlarymyz  Gundogaryň milli medeniýetini we ajaýyp sunngatyny synlamaga, şeýlede gadymy Jeýhunyň gyzykly taryhyny öwrenmäge pursat tapýarlar.

Muzeý diňe bir sergi işlerini gurnaman, eýsem, bu ýerde her baýramçylyklarda  degerli maslahatlar, çykyşlar hem yzygiderli geçirilýär. Munuň özi  bu ýeri medeniýetiň gymmatlygy ojagyna öwürýär.

Myratgeldi BAÝRAMOW,
Kerki etrabynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com