Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Köneürgenç — Gündogaryň ruhy-medeni dünýäsi

14-03-2023 / 5042

Gadymy Köneürgenç — Köneürgenç topragy türkmen halkynyň we bütin dünýäniň deňsiz-taýsyz medeni mirasynyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär. Onuň ýadygärliklerini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, wagyz etmek, dünýäniň ähli halklarynyň möhüm wezipesidir.

Köneürgenjiň dünýä ähmiýetli medeni merkezi, owadan şäheri bolandygy hakynda dürli döwrüň taryhy ýazuw çeşmeleri we dürli maglumatlary habar berýärler. Bu günki gün şol baý geçmiş taryhdan aýry-aýry gaýtalanmajak sungat hökmünde binagärlik ýadygärlikleri bolup, bize miras galypdyr. Köp taryhy we durmuş kynçylyklaryny başdan geçiren şol gadymy şäheriň taryhy-medeni ýadygärlikleri 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň dünýä mirasynyň sanawyna girizildi. 2008-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda “Nejmeddin Kubra we Gündogaryň ruhy-medeni dünýäsi”, şeýle-de 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Daşoguzda “Köneürgenç türkmen döwleti we Merkezi Aziýa XIII asyryň birinji ýarymynda” atly halkara maslahatlary geçirildi. Maslahatlaryň maksady dünýäniň taryh ylmynyň öňdebaryjy ýörelgelerini nazarda tutmak bilen, Köneürgenç Türkmen döwletiniň taryhyny öwrenmekden, daşary ýurt alymlarynyň tejribesini umumylaşdyrmakdan hem-de şoňa degişli täze çeşmeleri aýan etmekden, arheologik ýadygärlikleri öwrenmekden, rejelemekden we gorap saklamakdan, şeýle hem türkmen halkynyň gadymy, orta asyr, täze we häzirki zaman taryhyny, medeniýetini we halk döredijiligini öwrenmek boýunça geçirilýän ylmy barlaglaryň täze taslamasyny durmuşa ornaşdyrmak bilen baglanyşykly özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr.

Ata-babalarymyzdan miras galan taryhy we medeni ýadygärliklerini giňişleýin öwrenmegiň, olary abat saklamagyň we geljekki nesillere ýetirmegiň, täze tapylan tapyndylaryň we çeşmeleriň dünýä ýaýradylmagynyň wajyp ähmiýeti bardyr. Ürgenç gadymy Horezm döwletiniň paýtagty hökmünde-de, öz ösen medeniýetini, ylmy, sungaty bilen-de has irki döwürlerden bäri meşhurlyk gazanyp gelipdir. Dürli sebäplere görä paýtagt bu ýerden göçürilýär. Başga ýerden (häzirki Horezmde) täze şäher salnyp, oňa hem Ürgenç diýip at goýýarlar. Ilki Ürgenç bolansoň, muňa “öňki, gadymy” manysynda “Köneürgenç” diýip at goýupdyrlar. Bu ýerde hem her bir ýadygärligiň, her bir depäniň uly taryhy, gyzykly rowaýatlary bardyr.

Hytaý taryhçylarynyň işlerinde Köneürgenç şol döwrüň uly ylmy we ykdysady merkezi bolupdyr diýip tassykalýar. Abu Reýhan Biruny X asyrda şäherde uly kitaphananyň bolandygy barada ýazgy galdyrypdyr. Köneürgenç meşhur “Mamunyň akademiýasy” hem hereket edipdir. Onuň döredilmegi matematikleriň we astronomlaryň ösen mekdebiniň peýda bolmagyna, Köneürgenjiň halkara ähmiýetli söwda merkezine öwrülmegine amatly şert döredipdir.

Aýsülik SAPARGLYJOWA,
TOHI-niň Maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy.
Aýnabat HALYNÝAZOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com