
Ýazyň ilkinji günlerinde, — 8-nji martda Halkara zenanlar güni Ýer ýüzünde giňden bellenilýär. Bu baýramçylygyň başlangyjy 1857-nji ýylda Nýu-Ýork şäherinde dokma paýdarlar jemgyýetinde işleýän aýallaryň zähmet hakynyň pesligi we iş şertleriniň oňaýsyz bolany üçin gozgalaň turuzmalaryndan öz gözbaşyny alýar. Olar iş wagtlarynyň 16 sagatdan 10 sagada çenli azaltmagyny, iş hakynyň ýokarlandyrylmagyny talap edipdirler.
Halkara Zenanlar gününi her ýyl baýram etmek baradaky karar 1910-njy ýylda aýallaryň Kopengagende geçen 2-nji Halkara Konferensiýasynda Klara Setkiniň teklibi boýunça kabul edilýär. Ilkinji gezek Halkara zenanlar güni 1911-nji ýylda Germaniýada, Awstraliýada, Şweýsariýada we Daniýada, 1913-nji ýylda bolsa Russiýada bellenilipdir. 8-nji mart baýramçylyk däbi Awstriýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň we başga ýurtlaryň aýallarynyň hut şol güni baýramçylyk hökmünde belläp geçmeklerinden soň pugtalanýar.
1975-nji ýylyň martyndan bäri BMG-de «Halkara zenanlar güni» bellenilip geçilýär.
Zenanlaryň we gelin-gyzlaryň hormatyna bagyşlanan bu baýramçylyk Ýaponiýada «zenanlaryň baýramy» ady bilen bellenilýär.
Hindistanda bolsa bu baýramçylyk oktýabryň başynda bellenilip, 10 gün dowam edýär.
Maglumatlara görä, Serbiýada «eneler güni» ady bilen geçirilýän bu baýram täze ýylyň öňüsyrasynda bellenilýär.
Hytaý adatlary esasynda şol gün zenanlar dynç alýarlar. Ähli işleri bolsa öýüň erkekleri ýerine ýetirýär we agşamlyk nahary hökmünde «kädi wepadarlygy» atly sowgady taýynlaýarlar.
Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir. Türkmenistanyň gülläp ösmeginde zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlarymyza 60 manat pul sowgady gowşurylýar.
Ýusup GARAJAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.