Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Täze Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi

06-03-2023 / 5089

4-nji martda Aşgabat şäher häkimliginiň Mekan köşgünde «Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi — sebitde parahatçylygy, ynanyşmagy, howpsuzlygy pugtalandyrmak ugrunda» atly maslahat geçirildi. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegine bagyşlandy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzda hereket edýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda guralan maslahatda döwletimiziň daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler, Birleşen Milletler Guramasy bilen ählumumy ösüşiň täze ugurlaryny hem-de derwaýys meselelerini öz içine alýan köpýyllyk hyzmatdaşlykda toplanan tejribeler hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Maslahatda çykyş edenler Bitarap Türkmenistanda parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar» we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, ýurdumyzyň öz saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýerýändigini nygtadylar. Maslahat ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com