Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...

Kitap hakynda bulary bilýäňizmi?

06-03-2023 / 5054
  • Ýer ýüzünde iň gadymy kitap Prisiň papirusy hasaplanýar. B.e.öňki 3350-nji ýylda ýazylan bu kitap Fiwa şäherindäki piramidalaryň içinden tapylypdyr. Dünýäniň iň gadymy papirusy häzirki wagtda Parižiň milli kitaphanasynda saklanýar.
  • Dünýäde iň uly kitap Gawanada geçen halkara kitap sergisinde görkezildi. Meşhur adamlaryň aýdan sözlerini özünde jemleýän bu kitabyň ini 380 sm, uzynlygy bolsa 350 sm-e deňdir.
  • Amsterdamdaky golland muzeýinde saklanýan ,,Deňiz düzgünleriniň ýygyndysy” atly kitabyň boýy orta boýly adamyňkydan uzyn, ini 1 metr, galyňlygy ýarym metre deň bolup, bu kitap hem iň uly kitaplaryň sanawyna girýär.
  • Dünýäde iň agyr kitap Londondaky Britan muzeýinde saklanýan geografiýa atlasydyr. Bu atlasyň beýikligi 1 metr, agramy bolsa 320 kilogramdyr.
  • Dünýäniň iň kiçijek kitaplarynyň 12-si bileleşip bir nahar çemçesine ýerleşýär.
  • Edebiýaty öwrenijileriň hasaplamalaryna görä Şekspiriň kitaplarynda ,,söýgi” sözi 2259 gezek, ,,ýigrenç” sözi bolsa bary-ýogy 229 gezek agzalyp geçilipdir.
  • ,,Nemes diliniň sözlügi” dünýäniň iň uly sözlügi bolup, ol 1854-1971-nji ýyllar aralygynda ýazylyp tamamlanypdyr. Bu sözlük 33 tomdan, 33519 sahypadan ybaratdyr.

Toplan: Ahunjan SEÝIDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com