
Kiçi ýaşly çagalaryň duýgularyny oýarmakda, pikirlenmek ukyplaryny kemala getirmekde, olary akyl taýdan ösdürmekde sözleýiş diliniň ähmiýeti uludyr. Çagalaryň irki ösüş döwründen başlap alan bilimleri olaryň mekdepde üstünlikli okamagyna täsir edýär. Şonuň üçin hem guralýan her bir sapakda çagalaryň öň alan düşünjeleriniň üsti ýetirilip, olaryň sözleýiş dili ösdürilýär.
Halk döredijiligi (ertekiler, rowaýatlar, sanawaçlar, matallar) çagalaryň sözleýiş başarnygynyň kemala gelmegine oňat täsir edýär. Çünki ertekilerdäki gahrymanlaryň üsti bilen berilýän düşünjeler çagalaryň ýadynda gowy galýar. Ol gahrymanlar arkaly hödürlenýän ýumuşlar çagalar üçin has täsirli bolup, işiň netijeliginiň artmagyna, sözleýşiniň ösmegine ýardam berýär. Sözleýiş dilini ösdürmekde kompýuteriň, interaktiw tagtanyň ulanylmagy çaga üçin özüne çekiji bolup, slaýdlary taýýarlamak we olary sapakda ulanmak has-da ähmiýetlidir.
Çaga 5 ýaşaýança öz ene dilinde, öz içki oý-pikirini, eşidenlerini beýan etmegi başarýar. Psihologiýanyň aýtmagyna we durmuş tejribeliginiň görkezilişine görä 5 ýaşyna çenli çaga 2 dili gatyşdyryp öwretmek onuň sözleýşiniň, pikirlenmeginiň yza galmagyna eltýär. Çaganyň öz ene dillerini bilmeklige bolan, biri-biri bilen gowy aýtmagyna hereket etmeklige, fiziki taýdan ösmeklige kömek edýär.
Çaga ula öýkünmek, olardan nusga almak bilen öwrenýär. Şonuň üçinem çaganyň daş-töweregindäkileriň hem dogry we dürs geplemegi zerur. Gören-eşiden zatlaryny gürrüň etdirmegiň, gysgajyk edebi eserleri okap berip, şol barada pikirlerini bilmegiň, sorag- jogap alyşmagyň peýdasy has gowudyr.
Jumasoltan ÝARMEDOWA,
Çärjew etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.