
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda ýurdumyzyñ şanly Garaşsyzlyk baýramynyñ toýlanylýan günlerinde Milli Liderimiz “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty” atly kitabyny okujylar köpçüligine peşgeş berdi. Bu günki günde bolsa bu kitap energetika toplumynyñ ylmy esaslaryny öwrenýän we bu ugurda zähmet çekjek ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebimiziñ mugallymlarynyñ we talyp ýaşlarynyñ esasy gollanmalarynyñ birine öwrüldi.
Ýeri gelende bellesek, bu ajaýyp kitapda Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutymyzyñ talyplary we mugallymlary bilen duşuşygyndaky eden çykyşy ýerleşdirilipdir. Watanymyzyñ elektroenergetikasynyň kemala gelmeginiň taryhyna, ony döwrebaplaşdyrmak, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň maksatlary hem-de wezipeleri bilen baglylykda,ykdysadyýetiň bu pudagynyň köpugurly döwrebap düzümlerini döretmek boýunça amala aşyrylýan yzygiderli çärelere aýratyn üns berlipdir. Şeýle-de neşirde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmagyň we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmegiñ möhüm ähmiýeti babatda hem bellenilýär.
Bu günki gün bolsa Alym Arkadagymyzyñ “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty” atly kitaby beýleki gymmatly eserleri ýaly biziñ ýakyn gollanmamyz hökmünde peýdalanylýar. Şeýle-de bu kitap geljekde energetika toplumynyñ ösüşlerine goşant goşjak hünärmenler üçin hem aýratyn hünär mekdebidir.
Taryhy ösüşleriñ dowam edýän, şol sanda durmuş-ykdysady ösüşiniñ ileri tutulýan ugry bolan milli elektrik energetikamyzyñ rowaçlanýan eýýamynda ähli taraplaýyn döwrebaplygy durmuşa geçirýän we bu pudagyñ ylmy esaslaryny berkitmäge uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimize, asylly we ajaýyp işlerde belent nusga bolýan Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdýarys.
Baýram YLÝASOW,
Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyñ mugallymy.