Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Döwrebap ösüşiň guraly

04-03-2023 / 5048

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga hem ýokary ähmiýet berilýär.

Bu milli bilim terbiýeçilik edaralarynyň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň mysalynda hem aýdyň görünýär. Häzirki wagtda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Berilýän bilimiň hili ýokarlanýar. Sapaklar sanly serişdeler arkaly guralyp, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňişleýin peýdalanylýar. Munuň özi ýaş nesliň kämil hünärmenler kemala gelmegine itergi berýär.

Diýarymyzda ylym-bilim işiniň guralyşyna we berilýän bilimiň amaly ähmiýetine, bilim bermegiň usulyny kämilleşdirmekde kompýuter tehnologiýalaryna uly orun berilýär. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem täze tehnikalar bilen enjamlaşdyrylyp, institutda ylym-bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyrylýar. Ösen aň-düşünjeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň innowasion tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmegine hem ýardam berýär. Ýurdumyzda gurulýan ähli desgalar dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilýär.

Her bir täzeçilligiň durmuşyň ösmegindäki wajyplygyny nazara alanyňda, bu ugurda amala aşyrylýan işleriň geriminiň näderejede uludygyna göz ýetirmek bolýar. Bu babatda sanly bilim ulgamyna geçilmeginiň ähmiýeti diýseň uludyr. Munuň özi mugallymlar üçin hem amatlyklary we ýeňillikleri döredýär. Sanly bilim ulgamyna geçilmegi bilen mugallymlarda sapagy uzak aralykdan dolandyrmak mümkinçiligi döreýär. Dünýäniň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň ylmy işleri, ol ýa-da beýleki ugruň şahamçalary bilen tanyşmak, sanly ulgam arkaly sapak bermek bu günki gün adaty ýagdaýa öwrüldi. Bu hem geljekki ösüşleriň güwäsidir.

Begenç SAPAROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com