Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Zenanyň ýylgyryşy — Zeminiň ýylgyryşy

8-nji mart — Halkara zenanlar güni

03-03-2023 / 5083

Ömrümiziň manysy, durmuşymyzyň bezegi bolan mähriban enelerimiziň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Eziz eneler, mähriban gelin-gyzlar owaldan ahyra dünýämiziň bezegi hasaplanýar. Olar bilen ýollarymyz ýagtylyga, täleýimiz owadanlyga, durmuşymyz ajaýyplyga eýedir.

Eneler äleme ýaşaýyş hem söýgi berýär. Şonuň üçin halkymyzyň öz enesine goýýan sarpasy örän uludyr. Mukaddeslik hökmünde hormatlap, biz eziz enelerimizi Käbä deňeýäris. Olaryň halal süýt berip ulaldan perzentleri ata Watanyň — eziz Türkmenistanyň wepadar oguldyr gyzlary bolup ýetişip, arzyly maksada alyp barýan menzillerde merdanalyk görkezýär» diýip, enelere bolan söýgini belent derejä göterýär.

Türkmen zenanyna häzirki döwürde goýulýan hormat-sarpa, jemgyýetimizde taryhyň dowamynda emele gelen demokratik ýörelgeler bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň oňyn özgertmeleri bilen baglanyşyklydyr. Zenanlaryň arasynda alymlardyr mugallymlar, lukmanlardyr ykdysatçylar, deputatlardyr diplomatlar bar. Şol bir wagtyň özünde olar, ozaly bilen, mähriban enelerdir, wepaly ýanýoldaşdyr, hemaýatkär uýalarymyz we gyzlarymyzdyr, başarjaň öý hojalykçylardyr.

2008-nji ýylda döredilen «Ene mähri» diýen hormatly at döwletimiziň köp çagaly eneleriaýratyn üns-alada bilen gurşap alýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. Bu ada 8 we ondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlar mynasyp bolýarlar. Uzak ýyllaryň dowamynda päk zähmet çeken zenan maşgalalar üçin «Zenan kalby» ordeni hem döredildi. Bu döwletli başlangyçlar türkmen jemgyýetinde zenanlaryň ruhy we aň-paýhas mümkinçiliklerine ýokary baha berilýändiginiň, olaryň oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine, demokratik ýörelgeleriň kemala gelmegine, medeni däp-dessurlaryň goralmagyna we ösdürilmegine işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Maýa BABANYÝAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com