Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Zenan – mertebe sütüni

03-03-2023 / 5080

Türkmen halky Zarina, Rodoguna, Tomaris, Türkan hatyn, Mahmelek hatyn, Melike hatyn, Sagab hatyn, Törebeg hanym, Fatima hatyn, Selime Soltanbegim ýaly taryhda edermenligi bilen dünýäni haýrana goýan merdana türkmen zenanlaryna guwanýar. Edil şonuň ýaly-da, bu günki gün olaryň döwrebap dowamatlary bolup durýan harby zenanlarymyz watansöýüjiligi bilen taryha giren şol mertebeli zenanlarymyzyň ýörelgelerini buýsanç bilen dowam etdirýärler.

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimiziň ähli pudaklarynda bolup geçýän düýpli özgerişliklere öz mynasyp goşantlaryny goşýan mähriban zenanlarymyzyň tutýan ornuna belent baha berýär. Mährem zenanlarymyzyň häsiýetinde salyhatlylyk, edeplilik, wepalylyk, kanagatlylyk, geçirimlilik, halallyk we zähmetsöýerlik ýaly belent ahlak gymmatlyklar jemlenendir. Çünki adamzat neslini dowam etdiriji aýal maşgalanyň edebi goňşular, garyndaşlar bilen agzybir bolmakda täsiri uludyr. Agzybir maşgalada çekilýän zähmetiň höziri hem başgaçadyr. Şunda ýaş nesliň agzybirlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmeginde zenanyň orny has ýokarydyr. Aýal-gyzlarymyzyň çekýän asylly zähmetleri olaryň hukuklary we azatlyklary, eneligiň durmuş taýdan goralmagy döwletimiziň Esasy Kanunynda öz beýanyny tapýar.

Ata-babalarymyz zenanlary maşgalanyň sütüni, ar-namysy hasaplap, gorap, gymmatbahaly altyn-kümüş şaý-sepleri olara bagyşlapdyrlar. Zenana — enä şeýle belent sarpa goýulmagy jemgyýetçilik durmuşyny has-da demokratiýalaşdyrmak boýunça döwlet syýasatynyň ýöredilmegi, milli edep-ekramyň aýratynlyklary, medeniýeti, bilimi, saglygy goraýşy ösdürmegiň zerurlyklary, ruhy ýörelgeleriň aýawly saklanmagy we nesilden-nesle geçirilmegi bilen pugta baglydyr.

Munira ÇARYÝEWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com