
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýerleşýän THE (Times Higher Education) Bütindünýä reýting guramasy tarapyndan «Impact Rankings — 2022» (Täsir etmegiň reýtingi) görkezijisi boýunça Bütindünýä uniwersitetleriň reýtinginiň sanawyna girizildi. Şeýle-de bu ýokary okuw mekdebi agzalan gurama tarapyndan alnyp barylýan ylmy-barlag we okuw-usuly işleriň netijeleri boýunça «World University Rankings — 2023» Bütindünýä uniwersitetleriň reýtinginiň sanawyna habarçy agza hökmünde kabul edildi.
Ýakynda bolsa Aziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň prezidentinden Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň bu düzümiň assosirlenen agzalygyna kabul edilendigi baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Onda bu derejäniň agzalan bilim ojagyna assosiasiýanyň geçirýän ähli çärelerine gatnaşmaga hukuk berýändigi, geljek ýylda bolsa birleşigiň doly hukukly agzasy bolup biljekdigi hakynda aýdylýar.
«TürkmenGazet».