Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Nesil saglygy – baş aladamyz

03-03-2023 / 5066

Ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Döwletimizde çaganyň saglygyny goraýyş ulgamyny hünärmenler, halkara talaplara laýyk gelýän zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Şeýle-de ýurdumyzda çagalaryň irki ösüşi, olaryň saglyk ýagdaýyny barlamak we bar bolan keselleri anyklamak hem-de degişli bejergi çärelerini kesgitlemek üçin niýetlenen enjamlar, dünýäde iň täze görnüşli barlag enjamlary bilen üpjün edilen birnäçe merkezler hereket edýär.Gahryman Arkadagymyz Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça  haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli zerur şertleri döretdi.

Ýurdumyzda  ÝUNISEF bilen çagalaryň saglygyny goramak boýunça alyp barýan gatnaşyklar ösdürilýär we  bu ugurda daşary ýurtlaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär. Döwletimizde poliomiýelit, drakunkulýoz, gyzzyrma keselleriniň doly ýok edilendigi,  ýod ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin   duzy ýod bilen  hem-de unuň düzümini demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylandygy baradaky Bütindünýä Saglygy goraýyş we beýleki guramalar tarapyndan berlen halkara güwänamalary ösüşleriň hakyky güwänamasydyr. Şeýle-de ýurdumyz çilimkeşlige alnyp barylýan göreşe goşan ägirt goşandy üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýadygärlik nyşanyna hem-de Minnetdarlyk şahadatnamasyna  mynasyp boldy.

„Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek” atly milli strategiýanyň, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça Milli maksatnamanyň, Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garysyna göreşmek boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň, Türkmenistany temmäkiden  azat ýurda öwürmek boýunça 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmegi, ýurdumyzda nesil saglygynyň, sagdyn geljegiň ugrunda edilýän aladalaryň doly subutnamasydyr.

Döwletimizde Ýokanç kesellere garşy düýpli çäreler alnyp barylýar. Ýokarda agzalanlar barada biziň welaýatymyzda hem aýdara-diýere zat kän. Welaýat merkezimizde beýleki iri saglyk merkezler bilen bir hatarda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi hem döwrebap mümkinçilikleriň gurşawunda işleýär. Bu ýerde enäniň we çaganyň saglygyny goramak babatynda, dürli ýokanç däl kesellere garşy çäreleriň düýpli toplumlaýyn işleri  alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda çagalar we olary saglygy ugrunda ummasyz aladalaryndan  ugur alyp,  eneleriň we çagalaryň saglygy üçin mundan beýläk hem jogapkärli işläris. Şeýle eşretli zamanany peşgeş beren, işlemäge, döretmäge, sagdyn nesli terbiýelemäge ajaýyp şertleri döredip berýän lukman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys!

Şemşat ATAGELDIÝEWA,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com