
1-nji martda paýtagtymyzda döwrebap jemgyýetçilik ulaglarynyň nobatdaky tapgyrynda täze, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglaryň ýene-de 530 sanysy ilata hyzmat etmek üçin ýola çykaryldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy esasynda mümkin bolup, ýerine ýetirilýän şeýle işler awtoulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini has-da ýokarlandyrmaga şert döredýär.
Täze ulaglar kesgitlenilen çäklerde hereket edýärler. Şäheriň ýollarynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, köçelerde ýolagçylar we sürüjiler üçin amatly şertleri döretmek degişli gulluklaryň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Ulag düzümini ösdürmek, awtomobil we beýleki ulaglaryň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Täze ulaglar gije-gündiziň dowamynda halkyň hyzmatynda bolup, ýolagçylaryň barmaly menzillerine öz wagtynda we rahat, oňaýly baryp bilmekleri üçin zerur şertleri üpjün ederler.
* * *
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky degişli awtoulag kärhanalaryna hem «Toyota Сorolla», «Hyundai Elantra» kysymly döwrebap taksi awtoulaglary gelip gowuşdy. Has takygy, döwrebap taksi awtoulaglarynyň Ahal welaýatynda 50-si, Balkan welaýatynda 34-si, Daşoguz welaýatynda 80-si, Lebap we Mary welaýatlarynyň hem hersinde 85-si ilata edilýän ulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmaga goşant goşar.
«TürkmenGazet».