
Başyna barlan her bir işiň aňrybaş dereje ýerine ýetirilmegi üçin bolsa ilki bilen iş mümkinçilikleri, iş şertleri zerur. Iş hem ýeňil, hem netijeli ýerine ýetirilmeli. Sanly ulgam – bu babatda iň ýakyn hem-de iň dogry çözgüt.
Sanly ulgamyň ösmegi bilen dünýä ylmy, gör, nirelere ýetdi! Dünýä ykdysadyýeti, dünýä bilimi, dünýä senagaty sanly ulgama aýak diräp, asyrlyk ädimleri ätdiler. «Tekerlerdäki köşk» diýlip atlandyrylýan awtoulag hem döwrüň talaplaryndan ugur laýra. Onda ýaşamak, dynç almak üçin ähli şertler döredilendir.
Uzynlygy 12 metr, beýikligi 4 metrden gowrak, agramy 20 tonna bolan awtoulagda sürüjiler üçin hem amatlyklar üpjün edilendir. Ol sagatda 150 kilometr tizlikde hereket etmäge ukyplydyr.
Onuň içinde oturanyňda, ýöräp barýan awtoulag däl-de, ähli amatlyklary bolan jaý göz öňüne gelýär. Ulagyň dizaýnynyň tebigat bilen sazlaşykda döredilendigini aýdýarlar. Onda ekologiýa talaplary hem berk berjaý edilip, ýangyjy az tygşytlaýar. Uly telewizor, ýumşak ýatalga, aýlanýan stollar, hammam, kiçiräk aşhana bolup, islegiňe görä sazlap bolýan sowadyjy, ýyladyjy we yşyklandyryjy ulgamlar göz öňünde tutulandyr. Düwmä basanyňda, ulagyň ýokarsynda 65 inedördül metr bolan üçegi açylýar. Onda diwan, oturgyçlar hem bardyr.
Allanazar MURADALYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.