Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Milli gymmatlyklarymyz dünýäde ykrar edilýär

01-03-2023 / 5104

Milletimiziň medeni gymmatlyklary bu gün ýekänme-ýekän tutuş dünýä medeniýetiniň hazynasyna öwrülip, adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulýar. Bu babatda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolmagy türkmen medeniýetiniň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynda öz ornuny tapmagyna uly ýardam edýär. 

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ÝUNESKO kafedrasynyň «Medeni miras: geçmişden geljege» diýlip atlandyrylmagy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ÝUNESKO kafedrasyna bolsa «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» diýlip at berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda başy başlanan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän netijeli gatnaşyklara Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem işjeň gatnaşýandyklarynyň aýdyň nyşany boldy.

Türkmenistanyň milli topary tarapyndan alnyp barylýan kafedralaryň anyk maksady umumadamzat medeni mirasyny, däp-dessurlary içgin öwrenmek arkaly taryhy we medeni mirasy aýawly saklamak, wagyz-nesihat etmek, kanunçylyk-hukuk esaslaryny we gerek bolan usuly serişdeleri kämilleşdirmek esasynda ýaş alymlaryň mümkinçiliklerini, olaryň ylmy-barlag işlerini giňeltmek, beýleki ÝUNESKO kafedralary bilen degişli maksatnamalardyr çäreler boýunça, şeýle-de bellenen ugur boýunça Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlykly gatnaşyklaryny üznüksiz ösdürmekden we ylmy barlaglary kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň işine badalga berilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Aýgül HALLYÝEWA,
TOHI-niň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com