
2023-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çykyş edenler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy mejlisinde Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adyndan gün tertibiniň “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy saklamak” atly 58-nji maddasyna laýyklykda hödürlenen “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen gutlap, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has belende galýandygyny nygtap geçdiler.
Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek boýunça çäreleri amala aşyrýan sebit guramalary bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamagyň ähmiýeti barada, şeýle hem gapma-garşylyklaryň öňüni almak babatynda, BMG-niň howandarlygynda global toruny ösdürmekde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işiniň tejribesini dünýäniň beýleki sebitlerinde nusgalyk ýörelge boljakdygy aýratyn bellenildi. BMG-niň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” hem-de “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” maksatnamalaryna laýyklykda döredilen Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy hem-de Ýaşlara bilim bermek boýunça Öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiýasy ýaly başlangyçlara aýratyn üns berilýändigi maslahatda edilen çykyşlarda öz beýanyny tapdy.
Maslahatda çykyş edenler Milli Liderimizi, Arkadagly Serdarymyzy «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Dünýäde parahatçylygy, abadançylygy üpjün edýän oňyn başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara ýol almagyny arzuw etdiler.
Taňryberdi MYRATLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.