
Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň medeni ugrunyň esasy ýörelgeleriniň biri — geçmişimiziň baý taryhy hakydasyny halkymyza we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Bu maksatlary amala aşyrmakda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyklary ýakyndan ýardam edýär.
Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2021—2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereket etmegiň meýilnamasy hereket edýär. Meýilnama laýyklykda, ÝUNESKO-nyň özboluşly şäherleriniň Ählumumy toruna: «Çeperçilik» diýen döredijilik ulgamynda paýtagtymyz nowjuwan Aşgabady; «Senetçiler we halk döredijiligi» diýen ulgamda Türkmenabady; «Edebiýat» diýen ulgamda bolsa Mary şäherini girizmäge taýýarlanyldy we derwaýys işler ýola goýuldy. Mundan başga-da, bu sanawa indiki nobatda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugrunda ýerleşen Dehistan, Sarahs, Amul ýaly gadymy türkmen şäherleriniň ýadygärlikleriniň, Ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we Türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatynyň, «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň üstünde işlenilmegi we hödürlenilmegi türkmen halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Şonuň ýaly-da, türkmen halkynyň taryhy geçmişini, milli aýratynlygyny açyp görkezýän türkmeniň «Ak öýi», türkmen milli lybasynda aýratyn üns çekýän, tüýleri buýra-buýra, seçelenip duran silkme telpegi, «Dograma» milli nahary hem gaýtalanmajak, özboluşly sungat derejesinde ÝUNESKO-nyň görnükli sanawyna goşulmaga mynasypdyr.
Häzirki wagtda türkmen halkymyzyň özboluşly milli mirasyny, medeni gymmatlyklarynyň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak, aýawly saklamak, geljekki nesillere ýetirmek we ylmy esasda öwrenmek, olaryň ähmiýetini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek, dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak babatynda toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ylaýta-da, milli metbugatyň, teleradioýaýlymlaryň, web-saýtlaryň, nusgawy edebiýatymyzyň üsti bilen Türkmenistan ― ÝUNESKO hyzmatdaşlygynyň taryhy, onuň çäklerinde gazanylýan üstünlikleri, hususan-da ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň görnükli sanawyna giren taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň aýratynlyklary we ähmiýeti halk köpçüligine yzygiderli wagyz edilýär.
Günhan SOPYÝEW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.