
1995-nji ýylyň dekabrynda ýola goýlan türkmen-bahreýn diplomatik gatnaşyklary häzirki wagtda dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere eýe bolup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 21-22-nji fewralda Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran ilkinji resmi sapary möhüm ähmiýetlidir.
Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar özara ynanyşmak, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Bu ýagdaý umumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň geriminiň barha giňemegine ýardam edýär.
Ýokary derejedäki duşuşyk söwda-ykdysady ulgamda bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hem häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryny, gatnaşyklaryň uly mümkinçiligini nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirildi. Şunuň bilen birlikde, bu sapar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda arap dünýäsiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegi ugur edinýän syýasatyny durmuşa geçirmekde nobatdaky ädime öwrüldi. Muňa Patyşa Hamad bin Isa Al Halifanyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygynyň ýokary sylagyna — Şeýh Isa bin Salman Al Halifa adyndaky birinji derejeli ordenine mynasyp bolandygyny habar bermegi, ony dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimize gowşurmagy aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran resmi sapary alyslary nazarlaýan türkmen-bahreýn dostlugynyň günbe-günden berkeýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr. Iki döwletiň diplomatik gatnaşyklarynda täze taryhy ädim bolan resmi saparyň çäklerinde parahatçylyga, hoşniýetlilige, dostluga esaslanýan ikitaraplaýyn resminamalaryň 11-sine gol çekildi we kabul edildi. Ýokary derejede geçirilen türkmen-bahreýn gepleşikleriniň barşynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gol çekilen resminamalar toplumy iki halkyň milli bähbitlerine hyzmat eder.
Jennet HOJANYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.