Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Sahnada — «Söýýänleriňiz bilen hoşlaşmaň!»

27-02-2023 / 5070

25-nji fewralda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Hoşlaşasym gelenok» atly täze sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Meşhur dramaturg Aleksandr Wolodiniň «Söýýänleriňiz bilen hoşlaşmaň!» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan täze sahna oýny maşgala durmuşynda gabat gelýän käbir derwaýys hem düwünli meselelerden söz açýar. Maşgala gatnaşyklarynda onuň mukaddesliginiň, söýginiň, ynamyň, hormatyň, bagtyýar durmuşyň iň ýokary gymmatlyklardygyny ýene-de bir gezek örboýuna galdyran bu sahna eseri Mekan Jumabaýewiň režissýorlygynda, onda-da ýaş režissýoryň ilkinji işi hökmünde ildeşlerimize hödürlenildi.

Sahna oýnunyň ýordumy barada aýtsak, ilkibaşda çapraz gelen ykballaryň garşylykly hereketleri wakalaryň geljekki akymynyň ugruny kesgitledi. Tomaşaçynyň bada-bat ünsüni çeken zat gahrymanlaryň ykballaryny duşurýan we aýrylyşdyrýan gapylar boldy. Durmuş gapysyny açmagam, ýapmagam aňsat däldir welin, ony gaýtadan açmagyň has kyn ýagdaýdygyna sahna oýnunyň ahyryna çenli magat göz ýetirip bolýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com