Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

It geldi — gut geldi

27-02-2023 / 5051

Halkymyzda «It geldi — gut geldi» diýen paýhasly jümle bar. Bu çuň manyly jümle alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aňladýar. «Gut» sözüniň it bilen baglanyşdyrylmagynyň halkymyzyň alabaý itlerini saklamagy, olary ýetişdirmegi bagt bilip, olar hakynda oňyn düşünjede bolandyklaryny äşgär edýär.

Aýtmaklaryna görä, mundan ençeme ýyl öň her obanyň öz sakçylary – alabaýlary bolupdyr. Eger oba nätanyş adam gelse, itler olara şübhe bilen garapdyrlar. Olar gije diýmän-gündiz diýmän, öz mesgenlerini gorapdyrlar.

Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde alabaý tohumyndaky itleriň taryhyna degişli gymmatly maglumatlar yzygiderli ýüze çykarylýar. Marguşda gazuw-agtaryş işleri geçirilende itiň mazarlarynyň tapylmagy, gadymy türkmen alabaýlarynyň halkyň emlägini, döwlet serhetlerini goramakda aýratyn orun eýeländigini aňladýar. Altyndepeden tapylan alabaýlaryň toýundan edilen, Daňdanakandan tapylan alabaýyň faýansdan ýasalan heýkeljikleriniň döredilen senesi bolsa biziň eýýamymyzdan ozalky döwre degişli bolup durýar. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan it süňkleriniň ölçegleriniň türkmen alabaýlarynyň beden gurluşynyň ölçeglerine laýyk gelmegi bu tohumdaky itleriň örän gadymydygyndan habar berýär.

Eýesine wepalylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, hojaýynynyň sesini eşidenden onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Ata-babalarymyz awa çykanlarynda, uzak ýaýlalara mal bakmaga gidenlerinde öýleriniň ýa-da goşlarynyň, düşelgeleriniň gapysyna gulp urmandyrlar. Olaryň yzynda wepadar goragçylary galypdyr, olara maşgalalarynyň howpsuzlygyny doly ynanypdyrlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen alabaýlarynyň şöhraty has alyslara gol ýaýratdy. Olaryň ähmiýeti täze derejelere ýetdi. Türkmen alabaýlaryna bolan gyzyklanma dünýäde hem ep-esli artdy. Kinolog hünärmenler alabaýlaryň iň gowy tohumynyň hut Türkmenistandadygyny ykrar edýärler.

Alym SETDAROW,
TOHI-niň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com