
Geosyýasy ýagdaýlaryň üýtgeýän, logistik halkalaryň bölünýän we dünýä bazaryny energiýa serişdeleri bilen üpjün etmekde ählumumy sazlaşygyň ýitýän şertlerinde kömüriň eksportynyň düzüminiň gurluşyna gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanylan «Argus Coal 2023» maslahaty şu ýylyň 25-nji maýynda Stambulda geçiriler. Bu barada Orient giňişleýin habar berýär.
Argus Halkara hyrh agentligi forumyň guramaçysy bolup, türkmen kärhanalaryny çärä gatnaşmaga çagyrýar. Stambula Ýewropadan, Aziýadan we GDA ýurtlaryndan kömüri esasy öndürijiler we sarp edijiler, şeýle hem kömüri Ortaýerdeňzi hem-de Aziýa-Ýuwaş ummany sebitlerine iberýän halkara söwda firmalary jemlenişerler.
Çykyşlarda kömüriň deňiz arkaly daşalmagyna degişli meselelere, täze logistika ugurlary ýola goýmaga hem-de eksport geleşiklerini durnukly maliýeleşdirmegi täzeden dikeltmäge üns berler.
Metal öndürijiler we energetika kompaniýalar, ulag operatorlary we portlarda ýükleri düşürmek we ýüklemek bilen meşgullanýan firmalar, dellallar we dürli ýurtlaryň ekspeditorlary Stambulda geçiriljek foruma gyzyklanma bildirdiler.
Maslahata Ýewropadan, Aziýadan we GDA-dan kömüri esasy öndürijiler we sarp edijiler, şeýle hem kömüri Ortaýer deňzi hem-de Aziýa-Ýuwaş ummany sebitlerine iberýän halkara söwda firmalary gatnaşarlar. Metal öndürijiler we energetika kompaniýalar, ulag operatorlary we portlarda ýükleri düşürmek we ýüklemek bilen meşgullanýan firmalar, dellallar we ekspeditorlar ýokary derejeli bu çärä gatnaşmaga eýýämden uly gyzyklanma bildirdiler.
Göwher AMANSÄHEDOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.