Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Çalt okamak usuly

25-02-2023 / 5071

Gowy kitaplar okalanda, adamyň ünsini derrew özüne çekýär.  Kitap okamak dil baýlygyňy ösdürmekde, dünýägaraýşyňy giňeltmekde  diýseň ähmiýetlidir. Şonuň  üçin  kitaby köp okamak, onda-da many-mazmunyna düşünip okamagy  öwrenmek  örän zerurdyr. Bu  bize  diňe  peýda  getirer.

Päsgelçilikler

Alymlaryň  birnäçesi  çalt  okamaga päsgel  berýän  3  sany  esasy  sebäbi görkezýär. Olar: ýazgyny  sesli  okamak, kitap  okaýan  mahalyň  başga  zatlara  ünsüňi  sowmak, okalan  setiri  gaýtalap  okamak. Bu  päsgelçilikleri  aradan  aýyrmak  biziň  özümize  bagly. Eger  sizde  sesli  okamak  endigi  bar  bolsa, onda  gyssagly  ýagdaýda  saplanmaly. Sebäbi, bu  endik  okamak  usulyny haýalladýar.

Wagt 

Okaýan  mahalyň  töwerekde, mümkin  boldugyndan, ünsüňi  sowup  biläýjek  zatlaryň bolmazlygyny  gazanmaly  we  okamagyň  arasy  bölünen  ýagdaýynd, okap  bolan  setiriňize  bellik  goýmaly. Bu  size  şol setire  gaýtadan  wagt  harçamazlygyňyza  kömek  eder.

Indiki  setire  geçýän  mahalyňyz,  setiriň  başyna  däl-de, 1  santimetr  saga  serediň. Setiriň  ahyryna  ýeteniňizde  bolsa, soňky  santimetrine  seretmäň! Ilkibada  sizde  her  setiriň  başy  we  ahyry  görünmeýän  ýaly  duýgy  dörär. Emma,  aslynda,  siziň  gözüňiz  olary  okap  geçýär. Netijede, her  setirde  nazaryň  egleniş  ýagdaýyna  sarp  edýän  wagtyňyz  azalýar.

Arakesmeler

Yzygiderli  okamak  belli  bir  wagt  aralygynda  dowam  etdirilmelidir. Barlaglaryň  netijesinde 20  minut  okaýyşdan  soňra  beýniniň  maglumaty  kabul  etmesiniň  kem-kemden  kynlaşyp  başlaýandygy  anyklanyldy. Şonuň  üçin hem her  20  minutdan    arakesme  etmek  okaýan zadyňyzyň çalt   ýatda  galmagyna  kömek  eder.

Taýýarlan: Enejan MAMEDOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com