Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Stiw Jobs hakynda oýlandyrýan faktlar

24-nji fewral — Stiw Jobsyň doglan güni

24-02-2023 / 5045

Eger siz muny okaýan bolsaňyz, onda Stiw Jobsyň döreden önümlerinden iň bolmanda birini ulanyp gören bolaýmaly.

Stiw Jobs 1955-nji ýylyň 24-nji fewralynda dünýä indi. 1976-njy ýylda “Apple” kompaniýasyny esaslandyrdy, ýöne 1985-nji ýylda kompaniýany terk etmäge mejbur boldy. 1996-njy ýylda kompaniýa baş direktor hökmünde dolandy. Jobssyz hemme ýerde häzirki zaman peýdalanylýan tehnikalar belki başgaça bolardy, onuň özi bolsa örän çylşyrymly adam bolupdyr. Sanly dünýäniň iň meşhur adamy baradaky faktlar bilen gyzyklanyp gördüňizmi? Geliň olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň:

1.Stiw Jobs kolležini taşlapdyr
Ilkinji fakt ählimize durmuşda başarnygymyzyň we bilimimizň utgaşmasynyň netijesinde has netijeli iş çykarmak mümkinçiligimiziň ýokarydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.Ählimize başlangyç, orta we ýokary bilim durmuşymyzda öz ornumyzy tapmagymyz üçin hökmany zat ýaly bolup görünýär. Ýöne wagtyň geçmegi bilen käbir adamlar ýa-da käbir ýagdaýlar bu pikirimiziň dogrylygy barada oýlandyrýar. Olaryň biri hem bu günki gahrymanymyz Stiw Jobsdyr. Jobs işçi synpyndan gelip, maşgalasyna düşýän maddy kynçylyklar sebäpli, bary-ýogy alty aýdan Reed kollejyny taşlapdyr. Täsin ýeri hem, onlarça ýyldan soň Jobs Reed kollejynda alan kalligrafiýa sapaklarynyň Mac kompýuterlerinde ulanylýan iň irki tipografiýany döretmäge ylham berendigini aýtdy.

2.Stiw Jobsyň tehniki ussatlygy ýokdy
Tehnologiýa dünýäsini bütinleý üýtgeden hem bolsa, Jobs kärdeşlerine tehniki ussatlygy däl-de, telekeçiligi we döredijiligi bilen has gowy tanalýardy. Jobs bilen birlikde “Apple”-y esaslandyran we 1985-nji ýylda pensiýa çykan Stiw Woznýak bir gezek şeýle belläp geçýär:

“Ol tehnika taýdan ökde däldi. Hiç haçan apparat inženeri hökmünde hiç zat dizaýn etmedi we programma üpjünçiligine düşünmedi. Möhüm bolmak isleýärdi, möhüm adamlar hemişe işewür bolýarlar. Ine, şunuň ýaly bolmagy isledi.”

3.Gymmaty gaçmaýan tehnika
1976-njy ýyldaky kompýuteriň häzirem işleýändigine ynanmak kyn. “Apple”- iň ilkinji kompýuteri, seýrek duş gelýän “Apple – 1”  Christie auksionynda işjeň ýagdaýynda näbelli alyja 470000 dollara satyldy.

4.Sylag we kino gahrymany
Stiw Jobsa “Ýylyň şahsyýeti” ady entek dirikä köp sanly guramalar we KHBS tarapyndan berildi. Dolandyryjynyň garaşylmadyk ýagdaýda aradan gitmegi köplere agyr zarba boldy. Birnäçe aýdan soň, Budapeştde Stiw Jobsyň ilkinji bürünç heýkeli açyldy.

2012-nji ýylyň fewral aýynda aýdym-saz pudagyna eden täsiri üçin “Gremmi” baýragy berildi. Jobs hakda köp kitaplar neşir edildi we bäş ýylda bu meşhur şahsyýet hakynda iki film ekranlara çykaryldy: “Jobs: Aldaw imperiýasy” we “Stiw Jobs”.

Ýulduz BABAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com