Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Dünýäde iň köp aýdylýan aýdym

24-02-2023 / 5194

Eýsem-de, dünýäde iň köp aýdylýan aýdym haýsyka?! Bu aýdym “Happy birthday to you” diýlip başlanýan aýdymdyr.

“Doglan  günüň  gutly  bolsun!” diýlip aýdylýan aýdym, aslynda,  amerikaly Mildred we Petti Smit-Hill gyz doganlara degişlidir. Onuň ilkinji ady “Good morning to you” (“Ertiriň  haýyrly  bolsun!”) bolmaly ekeni. Wagtyň geçmegi bilen bu aýdymyň sözleri üýtgäp, “Happy birthday to you” görnüşde bütin dünýä ýaýrapdyr.  Soňra bu aýdymy “Warner Çap-pel” aýdym-saz kompaniýasy öz adyna geçiripdir. Aýdym söwda maksady bilen ulanylan halatynda, kompaniýa pul tölemeli bolupdyr. Dünýä ýüzünde belli bolsa-da, ol aýdymyň awtorlyk hukugy gyz doganlara degişli bolmagynda galýar.

Taýýarlan: Ezizhan HAKIMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com