Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Halypa-şägirtlik – gadymy ýörelge

23-02-2023 / 5130

Halkymyzda «miweli daragt» düşünjesi, ilkinji nobatda, şägirt ýetişdirip bilýän halypalar hakynda söz açylanda has köp ýatlanylýar. Sebäbi, halypa-şägirtlik ýoly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir.

Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde halkymyzyň ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň ähmiýeti diýseň uludyr. Bu babatda pederlerimiziň ýörelge mekdebiniň röwşen ertirleriň ösüş menzillerini nazarlaýandygy şübhesizdir.

Haýsy ugurda zähmet çekýändigine garamazdan, halypa öz ugrunyň alymy hasaplanýar. Taryhdaky alym-akyldarlarymyz hem şeýle menzili — halypa-şägirtlik ýoluny geçen beýik ynsanlardyr. Türkmençilikde biriniň başarnygy, il içindäki hormat-sylagy hakynda gürrüň edilende, gep onuň asylly gelip çykyşyna syrykdyrylyp: «OI mekdep gören-dä», «Halypa gören-dä» diýilýär. 

Täze taryhy döwrümizde şöhratly taryhymyzy, ata-baba asylly ýol-ýörelgelerimizi çuňňur öwrenmäge, ony dünýä ýaýmaga, geljekki nesillerimize ýetirmäge giň ýol açyldy. Halypanyň elinde tälim alan şägirt, ol eýýäm kämillige gol beren ynsandyr. Ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýoluny kämilleşdirmekde we ony durmuşa ornaşdyrmakda maslahatlar, duşuşyklar hem-de dabaraly çäreler yzygiderli geçirilip durulýar.

Halkymyzyň baý taryhy medeni we ruhy mirasy bar, Pederlerimiziň halypa-şägirtlik ýörelgesinden ugur alyp, buýsançly taryhymyzy, medeni, ruhy mirasymyzy öwrenip, ýaş nesil watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, geçmişimiziň gymmatlyklaryny olaryň kalbyna ornaşdyrmak mukaddes borjumyzdyr.

Munira ÇARYÝEWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com