Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Ibn Munkyz – serkerde ýazyjy

22-02-2023 / 5096

Orta asyrlaryň edebiýat hem-de durmuş meýdanynda uly yz galdyran serkerde ýazyjylaryň biri Usama ibn Munkyzdyr. Taryhy maglumatlara görä, ol 1095-nji ýylda dünýä inip, 1188-nji ýylda dünýäden ötüpdir. Munkyz edebiýatçy, ýazyjy, şahyr we serkerde hökmünde uly meşhurlyga eýe bolupdyr.

Usama ýaşlygyndan söweş tärlerini birkemsiz öwrenip başlaýar. Oýunjagy – naýzadyr gylyç-galkan, güýmenjesi – harby sungatyň tärleri bolýar. Türkmen serkerdeleriniň oňa syny oturypdyr. Häsiýetleri özleriniňkä çalymdaş bolansoň, oňa aýratyn ynam bilen bakypdyrlar. Ol türkmenleriň harby tilsimlerini, söweş tärlerini öwrenmeklige örän höwesek eken. Söweş ýok pursatlary öz bedenlerini taplamak üçin tokaýlara siňer ekenler. Şol ýerlerde ýabany ýyrtyjylar – ýolbarslar we gaplaňlar bilen başa-baş söweşe giripdirler, darkaş gurapdyrlar. Şeýdip öz ussatlyklaryny has-da kämilleşdiripdirler. Usamanyň bu ýokary taýýarlygy halk arasynda uly hormata eýe bolupdyr.

Usama edebiýata, ylma örän gyzyklanypdyr. Döwrüniň emirleri we şahyrlary bilen ýakyn dostlukda bolupdyr. Ymadeddin Zeňňi, Nuretdin Zeňňi, Salahetdin Eýýuby ýaly döwrüniň meşhur serkerdeleriniň hatarynda Usamanyň ady agzalýar.

Usama ibn Munkyzyň galdyran edebi mirasy biçak baýdyr. Onuň golýazmalary dünýäniň ençeme ýurtlaryna ýaýrapdyr. Onuň «Ygtybar» atly eserinde türkmen soltanlary, serkerdeleri we söweş meýdanynyň şirleri uly buýsanç bilen ýatlanylýar. Kitaby okap başlanyňdan türkmen halkynyň uludan-kiçä her biriniň söweş tilsimlerinden ussatlyk bilen baş çykarýandygy, mertdigi, gorky-ürküni asla bilmeýändigi, namysjaňdygy, öz ýakynlarynyň namys-mertebesine çirk ýetirmek beýle-de dursun, sähel bir galat söz aýdylsa-da, ýokuş görüp, aryny almasa ynjalmaýandygy suratlandyrylýar. Şonuň ýaly wakalar hem, söweş meýdanlarynda bolýan beýleki wakalar hem bu eserde giň orun tutýar. Çabga misli ýagyp duran oklaryň, peýkamlaryň naýzalaryň astynda hiç zatdan howatyr etmän, gala seňňerine tarap öňe süýşýän türkmenleri görende: «Eý, Allam, bulara serediň, biz bu halda başymyzy ýerden göterip bilemzok, bular bolsa hiç zada per bermän, hiç zatdan çekinmän, gala tarap okdurylyp barýarlar» diýip ýazýar. Kiçeňräk taryhy kyssalar görnüşinde beýan edilen şeýle ýazgylar jemlenip, galyň bir kitaby emele getirýär. Türkmenler hakynda şeýle gyzykly we täsirli wakalar Usama ibn Munkyzyň ähli kitaplarynda hem gabat gelýär. Bir aýratynlygy, beýleki taryhy eserlerde käbir wakalar gaýtalanyp gelýär, emma Usamanyň eserlerinde öňki taryhy wakalar gaýtalanmaýar. Şu jähtden alanymyzda, Usama ibn Munkyzyň kitaplary türkmen taryhyny, esasan hem serkerdeler we harby sungat bilen bagly taryhymyzy öwrenmekde tapylgysyz we gymmatly edebi çeşmedir.

Taýýarlan: Nurýagdy GÜÝÇGELDIÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com