Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Edep – göwnüň çyrasy

20-02-2023 / 5019

„Edep-terbiýe göwnüň çyrasydyr“ diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Bu barada Mälik şa bilen bagly bir tymsaly ýatlap geçmegi makul bildik:

Mälik şa çölüň içi bilen ýakynlaryny, janpenalaryny alyp Yraga barýan wagty ýolda düýeli gelýän bir ýigide sataşýar. Ýigit ony görüp, düýeden syrylyp düşýär-de, edep bilen salam berip, tä olar duşundan geçip gidýänçä, goluny gowşuryp, başyny aşak salyp durýar. Mälik şa beýle edepli ýigidiň kimdigini biljek bolup, wezirinden üç zady ýigide iberýär. Baş wezir ýolagçy ýigidiň ýanyna baryp:
– Patyşamyz saňa üç sowgat iberdi, sen şolaryň birini almaly – diýip, ilki bilen örän ussatlyk bilen ýasalan gylyç berýär. Ýigit gylyjy eline alyp, höwes bilen synlaýar hem-de:
– Her bir türkmeniň muňa erk etmegi başaryşy ýaly, meniň hem söweş tilsimlerinden biraz başym çykýar. Emma halkymyz, soltanymyz üçin hyzmat etmäge men hemişe taýýar, ýöne bu meniň pişäm  däl – diýip, gylyjy yzyna gaýtarýar. Soňra wezir haltajykdaky puly berýär. Ýigit haltanyň agzyny hem açman:
– Pul diýen zat halal gazanyp bilseň oňat. Ýöne meniň söwdadan başym çykanok – diýýär-de, sowgady yzyna gaýtarýar.
Ahyrynda wezir içi galamly galamdany uzadýar. Ýigit galamy hyrydarlyk bilen eline alyp:
– Ine, bu sowgady welin höwes bilen alaryn. Sebäbi men ýedi ýyl başga ýurtda okap gelýärin. Indem alan bilimim bilen ilime hyzmat etjek – diýýär.
Mälik şa soň ol ýigidi özüne kätip edip alýar.
Göwni päklik, özüňi terbiýelemek ene-atadan, mugallymdan, jemgyýetden başga, ilki bilen, adamyň özüne bagly.

Taýýarlan: Humaý ATAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com