Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ykdysady ösüşiň möhüm resminamasy

17-02-2023 / 5021

Ministrler Kabinetiniň 10-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde 2022-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän ähli görkezijilerde oňyn ösüş depginleriniň gazanylandygy we jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim derejede üpjün edilendigi barada habar berildi. Mejlisde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini ilerletmekde wajyp ähmiýetli resminama — Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy kabul edildi.

Maýa goýum Maksatnamasynyň esasy wezipesi ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň deňagramly ösüşini üpjün etmekden ybarat bolup, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän senagat pudaklaryny ýokary depginler bilen ösdürmeklige gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi ýokarlanýar. Munuň netijesinde, ýurdumyzyň senagatynyň pudaklarynda öndürilýän we daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň möçberleridir görnüşleri düýpli artýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işjeň maýa goýum syýasaty ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga, köpugurly ösüşi üpjün etmäge, täze pudaklaryň kemala gelmegine, daşary ýurtlardan import edilýän harytlary öz ýurdumyzda öndürmäge, döwletimiziň gyzyl puluny tygşytlamaga, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň gerimini has hem giňeltmäge mümkinçilik berýär.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, kabul edilen maksatnama laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 37 milliard 400 million manat möçberde düýpli maýa goýumlarynyň goýulmagyna garaşylýar. Önümçilik desgalarynyň gurluşygyna 20 milliard 800 million manat maýa goýumlaryny gönükdirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýurdumyz boýunça maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň 55,6 göteriminden ybaratdyr. Durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna 16 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdirmek bellenilýär. Munuň özi maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 44,4 göterimine barabardyr.

Maýa goýum Maksatnamasy ykdysadyýetiň düzüminde senagat önümçiliginiň paýyny artdyrmaga, eksporta iberilýän önümleriň möçberini artdyryp daşary söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri giň gerimde döretmäge hem-de ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli çäreleri öz içine alýar.

Güljemal ADALYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com