Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Dostuň dostdan parhy köp

17-02-2023 / 5019
  • Ederini bilmez bilen dost bolmakdan ägä bol. Saňa nep getirjek diýip diňe zyýan getirer.
  • Akmak bilen dostlaşmakdan gaça dur. Saňa peýda berjek bolsa, zyýany ýeter. Gysganç bilen dost bolmakdan saklan. Oňa mätäç bolan wagtyň seniň kömegiňe ylgamaz. Erbet kişi bilen hem dost bolmakdan saklan. Ol seni arzan baha satar gider. Ýalançy bilen hem dost bolma. Sebäbi ol salgyma meňzär, daşdakyny ýakyn görkezer, ýakyndakyny daş görkezer.
  • Hemaýatkär dosta mätäçlik çekmek –munuň özi akar suwa mätäçlik çeken ýalydyr.
  • Kim bilen dostlaşmakçy bolsaň, ilki ony ýagşy tana, çünki häsiýet juda ýokuşagan zatdyr. Ýagşydan ýagşy häsiýetler, ýamandan ýaramaz häsiýetler ýokuşar.
  • Özüňde pynhan saklaýan säwlikleriňi dostuňdan gizlemegin. Goý, ol seniň durmuşda goýberen säwlikleriňden aýlanyp geçsin.
  • Şer işden saklanmaýan we ýalan sözleýän dostuň bar bolsa, ondan daşlaş. Beýle dostdan mert duşman ýagşydyr.
  • Ynsan akylyny özüne dost tutunmasa, ýolundan azaşar we il içinde abraýdan jyda düşer.
  • Ynsanlaryň iň ejizi dost tutunmagy başarmaýanydyr. Dostlaryň iň ejizi dostlarynyň goldawyny ýitiren kişidir.
  • Ynsanyň ýürekden salam bermegi, toý-märekede ýer bermegi we iň gowy sözler bilen ýüzlenmegi onuň saňa dostdugyny subut edýär.

Toplan: Nurjemal NAZAROWA,
Saýat etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, KA-nyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com