
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyñ 15-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyñ ýöriteleşdirilen ykdysady sergisiniñ öz işine başlamagy halkara hyzmatdaşlygynyñ we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryñ oñyn netijelidiginden aýdyñ alamatdyr.
Iki goňşy döwletiñ köp ýyllardan bäri alyp barýan goñşuçylyk gatnaşyklarynyñ işjeñ we netijeli häsiýete eýedigini bu sergi tejribeleri alyşmak we gazanylan üstünlikleri ýaýratmak, täzelikleri öwrenmek babatda hem ýokary ähmiýetliligi taýdan tapawutlanýar.
Paýtagtymyzda geçirilýän bu foruma gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziñ iberen Gutlagynda: “Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda guralýan bu giň möçberli çäräniň dowamynda iki ýurduň işewürleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar” diýlip bellenilýär.
Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziñ iberen Gutlagynyñ ruhlandyryjy pursatlary bilen açylyp, aýdym-sazlar arkaly dabaraly ýagdaýda öz işine başlan sergä Eýranyň maşyngurluşyk, dokma, azyk, nebitgaz, gurluşyk senagatynda we beýleki pudaklarda iş alyp barýan kompaniýalaryň 70-e golaýy özleriniň önümleri we hödürleýän hyzmatlary bilen gatnaşýarlar.
Olarda öñdebaryjy tejribeler, täzelikler we beýleki sergi eksponatlary ýabañlandyrylypdyr. Bu sergi meýdançasy goñşy döwletiñ senagat, ykdysadyýet we beýleki ugurlar boýunça gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik açýar.
Bu forum türkmen we eýran dostlugyny, ykdysady hyzmatdaşlygyny berkitmek bilen daşary ýurt kompaniýalary üçin özara gatnaşyklary we tejribeleri alyşmakda-da amatly meýdançany emele getirýär.
Taryhy ösüşleriñ zamanasynda dünýä döwletleri bilen parahatçylygy berkidýän we goñşuçylygy, dost-doganlygy, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berip, bu ugurda uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de bu ýörelgäniñ binýadyny berkden guran halkymyzyñ Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdýarys.
Rahmangylyç ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ talyby.