
Ertirlik naharynyň saglyk üçin ähmiýeti örän uludyr. Ertirlik edinen ýagdaýynda her bir adam synalarynyň sagdyn bolmagy üçin zerur bolan minerallary we witaminleri alyp bilýär.
Ertirlik naharyny edinmän, öýden çykmak maslahat berilmeýär. Çünki irden iýlen siňňitli ertirlik beýniniň işjeňligini artdyrýar, ýatkeşligi gowulandyrýar, ünsüňi berkidýär.
Öz wagtynda oýanyp, ertirlik naharyny iýmegi endik edinen adamyň immuniteti beýlekilere garanyňda, has güýçli bolýar. Üstesine-de, şeýle adamlaryň nerw ulgamy kadaly işleýär.
Säher bilen siňňitli, işdä ýakyn tagamlary iýiň. Gapdalyndan ter miwedir şireli suwy hem goşsaňyz, uzakly gün özüňizi gujurly duýarsyňyz, zähmete bolan ukybyňyz artar.
Ertirlikde iýlen iýmit asla artykmaçlyk etmeýär. Tersine, säher bilen näçe ir turup naharlansaňyz, synalaryňyz şonça-da gujurly bolar.
Irden tüwi, greçka ýa-da beýleki ýarmalardan taýýarlanan naharlary iýseňiz, günüň dowamynda ýagly-ýüzli naharlary işdäňiz kän almaz.
Ertirlikde ýumurtgadan taýýarlanan tagamlary iýseňiz, günüň dowamynda ajykmarsyňyz.
Tagamly taýýarlanan ertirlik nahary şähdiňi açýar. Saçagyň başynda howlukman nahar edinmek pikirleriňi bir ýere jemlemäge, dürli iş-aladalar barada oýlanmaga ýardam edýär.
Aýgül HEMRAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.