Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...

Ýüpekçilik – ykdysadyýetiň möhüm ugry

13-02-2023 / 5093

Şu ýyl tutuş ýurdumyz boýunça we sebitleriň hersinde dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň öndürilmegini göz öňünde tutýan Karara anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekildi.

Bu resminamada ýüpekçilik pudagyny ösdürmek, öndürilýän piläniň möçberini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak ýaly meseleleri üstünlikli çözmek üçin, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, şeýle hem welaýat häkimliklerine 2023-nji ýylda 2300 tonna, şol sanda, Ahal welaýatynda – 300 tonna, Balkan welaýatynda – 50 tonna, Daşoguz welaýatynda – 500 tonna, Lebap welaýatynda – 1010 tonna, Mary welaýatynda – 440 tonna pile öndürilmegini üpjün etmek tabşyrylandygy aýdylýar.

Ministrlige pile öndürmek barada welaýat häkimlikleri bilen umumy şertnamalary baglaşmak, şeýle hem daýhan birleşiklerini, oba hojalyk kärhanalaryny, daýhan hojalyklaryny, kärendeçileri we ýer eýelerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumy bilen zerur mukdarda üpjün etmek tabşyryldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýüpekçiligi we ýokary hilli ýüpek önümlerini öndürmek boýunça amaly çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabadyň ýüpek fabrigi, Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi we Ruhabadyň panbarhat fabrigi Türkmenistanda öndürilen çig ýüpegi gaýtadan işlemek we dürli ýüpek önümlerini öndürmek boýunça esasy önümçilik kärhanalarydyr. Ähli önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylyp, daşary ýurt ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen abzallaşdyrylandyr. Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli ýüpek ýüplüklerden ajaýyp halylar we matalar, şol sanda milli matamyz bolan keteni, ýaglyk, gyňaç we dürli örtük esbaplary öndürilýär.

Nurmuhammet ARTYKOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com