Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTehnologiýa

Tehnologiýa täzelikleri

13-02-2023 / 5042

Eko tigir

«London South Bank» uniwersitetiniň dizaýn bölüminiň talyby Kristen Tapping welosiped sürülýän wagty howany arassalaýan enjamy ýasady. 2020-nji ýylyň güýzünde bolsa ol öz oýlap tapyşy üçin plastmassa pudagynda innowasiýa çözgütleri üçin berilýän Design Innovasion in Plastics (DIP) sylagyny aldy. «Rolloe» diýlip atlandyrylýan bu enjam süzgüçler ulgamyndan durýar. Ol welosipediň tigiri arkaly herekete getirilýär. Enjam öz işiniň dowamynda hapalanan howany alýar we dört gat süzgüçden geçirip, arassa howany goýberýär. Öndürijiniň aýtmagyna görä, diňe bir enjamyň özi 26,7 müň kub metr howany arassalamaga ukyplydyr. «Rolloe» süzgüçlerini ýuwmak we ýene-de täzeden ulanmak mümkindir. Enjamyň ýene-de bir aýratynlygy, ähli bölekleriniň gaýtadan işlenen serişdelerden ýasalanlygydyr.

«Akylly» awtoulag

BMW kompaniýasy müşderilerine «CES 2023» sergisinde awtoulagyň eýesiniň göwün islegine görä ulagyň reňkini, hatda şekilini hem üýtgedip bilýän «akylly» awtoulagyny hödürledi. Bu elektro sedanda, BMW kompaniýasynyň bir ýyl mundan ozalky hödürlän diňe ak we gara reňkler elýeterli bolan taslamasyndan tapawutlylykda, otuz iki sany dürli reňkleri ulanmak mümkin. Kompaniýa bu taslamany «sanly emosional tejribe» diýip atlandyrdy. Awtoulag bir reňkde bolsa-da, şol bir wagtyň özünde birnäçe ýa-da tutuş otuz iki reňki birden ulanyp bilýär. Täze taslamada, doly programmirläp bolýan we durnuklylyk üçin az energiýa sarp edýän «Prism» perdesi 3 diýlip atlandyrylýan iň soňky «E Ink» tehnologiýasy ulanylýar. Häzirki wagtda bu kompaniýanyň içerki ylmy-barlag taslamasy bolup, awtoulagyň köpçülikleýin öndürilmegine entek garaşylmaýar. Inženerler elektron örtük bilen örtülen panelleri has güýçli we mör-möjeklere ýa-da suwa çydamly etmegiň üstünde işleýärler.

Taýýarlan: Sähra KERIMBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com