Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

 «Aziýanyň çagalary» II halkara gyşky sport oýunlaryna taýýarlyk görülýär

10-02-2023 / 5061

Türkmenistanly ýaş şort-trekçiler şu günler «Aziýanyň çagalary»atly II halkara gyşky sport oýunlaryna ykjam taýýarlyk görýärler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Aziýanyň çagalary» atly II halkara gyşky sport oýunlary 23-nji fewral — 5-nji mart aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Kuzbass şäherinde geçiriler. Oýunlara Aziýa döwletleriniň birnäçesinden, Russiýadan we Belarusdan ýaş türgenler gatnaşar.

Türkmenistanly türgenler bu ýaryşda sportuň şort-trek görnüşi boýunça çykyş ederler. Gyşky sportuň bu görnüşi, hokkeý we figuralaýyn typmak bilen birlikde, biziň ýurdumyzda giňden ýaýrandyr. Bu ugurda geljegine uly umyt bildirilýän ýaş türgenler kän. Ýakynda bolsa Türkmenistan Konkili typmak boýunça halkara bileleşigiň agzalygyna kabul edildi.

«Aziýanyň çagalary» atly gyşky sport ýaryşlaryna 24-nji fewralda hokkeý ýaryşy bilen badalga berler. Ýaryşlar 4-nji mart güni dag lyžasy boýunça türgenleriň çykyşy bilen tamamlanar. Oýunlaryň bütin dowamynda oňa gatnaşyjylar medallaryň 227-si ugrunda göreşerler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com