
Mälim bolşy ýaly, soňky 30 ýylyň dowamynda Ýer togalagynda çapylýan agaçlaryň sanynyň görnetin kemelendigi hakynda birnäçe habarlarda aýdylýar. Ýöne muňa garamazdan, 90-njy ýyllarda 420 mln gektar tokaýyň ýok edilendigi hakynda maglumatlara duş gelmek bolýar. Ösümlikleriň we daragtlaryň 60 müňe golaýy, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 80, guşlaryň 75, süýdemdirijileriň 68 göterimi tokaýy mesgen tutunýarlar. Tokaý zolaklarynyň kiçelmegi janly-jandarlaryň käbir görnüşleriniň ýitip gitmegine getirýär.
BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň maglumatlaryna görä, Ýer ýüzündäki tokaý zolaklarynyň ýarysyna golaýy Russiýa, Braziliýa, Kanada, ABŞ, Hytaý döwletleriniň çäginde ýerleşýär. Ýabany tebigaty goramagyň Bütindünýä fondunyň habar bermegine görä, Russiýanyň çäklerindäki tokaý zolaklarynyň 247 mln gektary heniz adam eli degmedik hasaplanýar. Emma bu sebitde agaçlaryň çapylyşy örän ýokary depgin bilen ösýär, ýagny bir ýylda 1,6 mln gektar tokaýyň ýok edilýändigi hakynda «National Geographic» agentligi habar berýär.
«TürkmenGazet».