Topar otagynyň talabalaýyk bolmagy bilim-terbiýeçilik işiniň esasydyr
04-02-2023 / 5189
Islendik okuw-terbiýeçilik edarasynda alnyp barylýan işleriñ netijeli, sapaklaryñ hil we mazmun taýdan baý bolmagynda okuw otaglarynyñ talabalaýyk bolmagy hem möhüm şertdir. Bu wajyplyk mekdebe çenli çagalar edaralarynyñ topar otaglaryna hem mahsusdyr.
Topar otagy niýetlenilişine, gurluşyna görä dürli aýatynlyklary öz içine alýandygyna garamazdan, çagalaryñ sowatly, terbiýeli, sagdyn kemala gelmeginde umumy ähmiýetli häsiýete eýedir. Çagalar baglarynyñ otaglarynyñ maddy-tehniki binýadynyñ kämilligi, ýagty, reñk taýdan öwüşginli, çagalar dünýäsine kybapdaş we ýaş aýratynlyklaryna laýyk bolmagy körpeler üçin oñyn gurşawy emele getirýär. Mundan başga-da, topar otagynyñ temperatura taýdan kadalylygy, arassalygy we howasynyñ tämizligi wajyp hasaplanýar.
Şeýle-de degişli düzgünnama laýyklykda çagalar baglarynyñ otaglarynyñ bezeg işlerine hem uly orun degişli bolup durýar. Otagyñ bezeg işi onuñ girelgesinden başlanýar. Toparyñ girelgesinde toparyñ adynyñ ýazgysy ýerleşdirilýär. Otaga gireniñden onuñ diwarlyklary, göze gelüwliligi çagalarda öz bakja-bagyna bolan söýgini döredip, özüne çekiji we gyzyklandyryjy bolmaly. Mysal üçin “Ata-eneler” burçy, “Saglyknama”, “Baýramçylyklar”, “Bedenterbiýe”, “Zähmet”, “Biziñ işimiz” ýaly diwarlyklar we beýlekiler otagyñ bezeg işiniñ degişli böleklerini düzýär. Esasy diwarlyk bolsa “Mekdebe çenli Döwlet bilim standarty” diwarlygy bolup, toparyñ ýaş aýratynlygy boýunça körpeleriñ anyklama işleriniñ netijesi esasynda çaganyñ irki ösüşiniñ we mekdebe taýýarlygynyñ netijesiniñ görkezijileri esasynda terbiýeçi tarapyndan meýilleşdirilen çäreleriñ tertibi, bu ugurdaky resminamalar ýerleşdirilýär.
Topar otagynyñ esasy merkezi sapak geçilýän böleginde görnükli ýerde Döwlet nyşanlaryna aýratyn orun degişlidir. Bu otagda oýun burçlary, terbiýeçiniň usuly burçy, sapaklara degişli görkezme, paýlama esbaplary we serişdeleri, gollanmalary ýerleşdirilýär. Bu ýerde janly otag güllerine hem uly ähmiýet berlip, “Tebigat” burçy hem hereket edýär. Aýratynlykda degişli toparlarda “Nobatçylyk” burçy hem döredilýär. Otagyň diwarlaryna ertekileriň gahrymanlarynyň, çagalaryň söýgüli şekilleriniň çekilmegi hem özüne çekiji täsirleri döredýär. Şeýle-de topar otagynda her bir çaga niýetlenilip belgilenen oturgyç-partalaryñ hem talabalaýyk, oñaýly we ýeterlikli bolmagy körpeleriñ sapaga işjeñ gatnaşmagyna täsir edýär.
Çagalar baglarynyň topar otaglary ýatylýan otagy bilen hem ýanaşyk baglydyr. Bu ýerde körpeleriň mynasyp dynç almagy gazanylyp, onuñ diwarlaryna uky pursatlary bilen bagly bezegler mahsusdyr.
Umuman aýdylanda, çagalar baglarynyñ topar otaglarynyñ ählitaraplaýyn sazlaşykly bolmagy bagtyýar nesilleriñ mynasyp terbiýelenmeginde we sowat öwrenmeginde ýokary ähmiýete eýedir. Häzirki ajaýyp döwrümizde bolsa ähli babatda kämil otaglary öz içine alýan mekdebe çenli çagalar edaralarynyñ sany barha artýar.
Ýaş nesliñ kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde bilim ojaklarynyñ işiniñ barha kämilleşdirilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berýän, ulgamyñ maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrýan hormatly Prezidentimize, halypalyk ýoly bilen nusga bolýan Milli Liderimize alkyşlarymyzy aýdýarys.
Amangözel SEÝTEKOWA,
Mary şäherindäki 21-nji çagalar bakja-bagynyñ terbiýeçisi, KA-nyñ işjeñ agzasy.
Suratda: Mary şäherindäki 21-nji çagalar bagynyñ topar otagy.