Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Türk arhitektorlarynyň täze taslamasy

03-02-2023 / 5017

Häzirki döwürde dünýäde gurluşyk pudagynyň ösmegi bilen ajaýyp hem täsin, depesi asman bilen bäsleşýän binalaryň birnäçesi gurulýar. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde guruljak bina hem şol binalardan biri bolar.

Täze taslama üç binadan ybarat bolup, biri-biri bilen baglanyşyklydyr. Maglumatlara görä, bu bina kaşaň ymaratly daşky görnüşi we binagärlik oýlap tapyşlary bilen beýlekilerden düýpli tapawutlanar. Türk arhitektorlary tarapyndan işlenip düzülen taslama laýyklykda, gurulmagy meýilleşdirilýän diň görnüşli bina ýuwaşlyk bilen öz okunyň daşynda aýlanyp durar. Ýelli ýa-da ýelsiz howa bolsun, tapawudy ýok, 48 sagadyň dowamynda bir gezek doly aýlaw eder. Binanyň içindäki adamlar bolsa, şäheriň gözýetim uzaklykdaky gözelliklerini synlamaga mümkinçilik alarlar. Binanyň ýokarsynda dikuçar meýdançasy hem gurlar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, ýeliň ugruna garamazdan, binanyň aýlanmagy netijesinde elektrik energiýasy hem öndüriler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com