
Hemmämize mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň ilkinji günlerinde, ýagny ýanwar aýynyň 21-inde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen taryhy maslahat, taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty, sözüň doly manysynda, taryhy çözgütlere baý boldy. Şol çözgütler bolsa öz gözbaşyny bagtyýar watandaşlarymyzyň erk-isleginden alýar.
Taryhy maslahatyň her bir pursady heniz hem göz öňümizde janlanyp dur. Biz bu maslahatda pederlerimiziň gadym ýolunyň dowamatyna ― Türkmenistanyň Halk Maslahatyna eýe bolduk, onuň Başlygy wezipesine Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellenilmegini, eziz Arkadagymyzyň Milli Lider hökmünde ykrar edilmegini gazandyk.
Soňky 15 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda eziz Diýarymyzda ýetilen belent sepgitler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşykly. Eziz Arkadagymyzyň öz halky barada eden işleriniň diňe käbirini agzajak bolsaň hem kän söhbet etmeli bolardy. Biziň bagtyýar, sagdyn durmuşymyzyň sakasynda duran Gahryman Liderimiz iň belent hormat-sarpa hem mynasyp.
Bu gün ýurdumyzyň başynda Arkadagly Serdarymyz, halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň ― Halk Maslahatynyň başynda Gahryman Arkadagymyz dur. Biz şu iki beýik Şahsyýet bilen şu nurana günlerimize ýetdik. Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda eziz ýurdumyzyň geljegi has-da röwşen bolsun!
«Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr» diýýän Lukman Arkadagymyz halkyň sagdyn, bagtyýar ýaşamagy ugrunda ummasyz işleri hakykat ýüzüne geçirýär.
Pursatdan peýdalanyp, halkymyzyň saglygyny goramaga, bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň üpjün edilmegine yzygiderli üns berýändigi, biz – lukmanlara döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan il bähbitli döwlet ähmiýetli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gülendam GÖKOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.