
27-nji ýanwarda paýtagtymyzda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli giň gerimli çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Ilki harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylary, serkerdeler, harby talyplardyr okuwçylar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebinde ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline buýsanç bilen tagzym edip, gül desselerini goýdular. Soňra baýramçylyk dabarasy paýtagtymyzyň gözel künjeginde ata-babalarymyzyň gahrymançylyklarynyň hormatyna bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna ter gül desselerini goýmak bilen dowam etdi.
Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynda ähli Watan goragçylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi. Bu ýerde edilen çykyşlaryň her biri merdana ýurt goragçylarynyň ýürek buýsanjy bolup ýaňlandy. Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde we harby borja ygrarlylykda tapawutlanan harby gullukçylara döwlet sylaglarynyň gowşurylyp, ýörite harby atlaryň dakylmagy, hünär derejeleriniň berilmegi bolsa Diýarymyzda Watan goragçylary hakynda aýratyn alada edilýändigini, olara belent sarpa goýulýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar yhlasly zähmetlerine goýlan uly sarpa üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
«TürkmenGazet».