
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy üstünlikli geçirildi. Arzuwlardan zyýada döwürde ýaşaýan ýaşlaryň adyndan Arkadagly Serdarymyza hoşallyk bildirmek belent mertebedir.
Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen gurultaýyň dowamynda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu guramanyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi we birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.
Gurultaýyň gün tertibi boýunça çykyşlar edildi. Bellenilişi ýaly, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çykyş edenler 21-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşynyň türkmen ýaşlarynda uly ruhubelentligi, maksadaokgunlylygy artdyryp, beýik ynamy ödemek hakdaky düşünjelerini has-da pugtalandyrandygyny bellediler.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys. Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim, beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir.
Bu gurultaý türkmen ýaşlarynyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň bagtyýar şu gününiň we nurana geljeginiň bähbidine onuň köptaraply mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge höwesiniň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Myratgeldi ALLABERENOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.