
Ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ýurdumyzda döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Ýaşlar syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek babatdaky işleriň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda-da barha rowaçlanjakdygy aýdyň hakykatdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda durmuş-ykdysady maksatnamalar bilen birlikde, ýaşlar syýasaty hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. ,,Garaşsyz döwletimizi 2022-2052 – nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, biz ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrýarys” diýip, Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, kabul edilen «Döwlet ýaşlar syýasaty hakynda» Kanunda, şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda» ýaş nesillere döwlet goldawynyň möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy.
Üstünliklere beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz hem türkmen ýaşlarynyň durmuşynda baý mazmunly sahypalaryň biri boldy. Geçen ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi, bu gurultaýyň dowamynda ýurdumyzyň ýaşlaryna uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň taryhy çykyş etmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi we ýaşlar bilen bagly ähli meselelerde öňde durýan wezipeleri kesgitläp bermegi türkmen halkynyň ýagty geljegi üçin ädilen ýene bir möhüm ädim boldy. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şu gün — 28-nji ýanwarda geçiriljek VIII gurultaýy hem ýaş nesillerimiz üçin täze mümkinçilikleri açar.
Belli bolşy ýaly, Ýaşlar guramasy ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlaryny özünde birleşdirip, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine barha işjeň goşulýar. Ýurdumyzda bagtyýar ýaşlarymyzyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna doly gatnaşmagyna, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklara, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi we zähmetsöýerligi terbiýelemäge hem-de döwrebap zähmet şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen ýaşlar syýasaty alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda agzybirlik we ruhubelentlik bilen amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlaryň hem mynasyp paýynyň bolmagy örän guwandyryjydyr.
Watany söýmekde, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly taryhyna hormat goýmakda, sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolmakda Gahryman Arkadymyz, hormatly Prezidentimiz ýaş nesillere uly göreldedir! Milli Liderimiziň akyl-paýhasa ýugrulan dürdäne kitaplary bolsa ýaşlar üçin şamçyragdyr.
Myrat NURMÄTOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň başlygy.