
26-njy ýanwarda Hökümetiň Mary welaýatynda geçirilen göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanda we Özbegistanda bilelikdäki söwda öýlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Iki ýurduň çäginde söwda öýleriniň işini düzgünleşdirmek hakynda hökümetara Ylalaşyga laýyklykda, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynda aýdyň görkeziji bolup durýandygyny nygtady. Biziň ýurtlarymyz uly senagat kuwwatyna eýedirler. Biz entek möhüm ähmiýetli taslamalaryň ençemesini durmuşa geçirmelidiris. Şol taslamalaryň amala aşyrylmagy bolsa halklarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere Aşgabatda hem-de Daşkentde söwda öýlerini açmak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
«TürkmenGazet».