Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Halkyň ýoly — Hakyň ýoly

27-01-2023 / 5077

Biz taryhy wakalaryň täsiri bilen ýaşaýarys. Täze döwür — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ynamly gadamlar bilen barha ýol alýar. Halkymyz Arkadagly Serdarynyň daşyna jemlenip, jebisleşip, Gahryman Arkadagymyzyň berkarar eden döwletlilik ýoly bilen öňe barýar.

Halkyň ýoly — Hakyň ýoly. Biziň ýurdumyzda her bir iş halkyň bähbitlerinden ugur alyp, nesilleriň röwşen geljegine gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky başlangyjy halkymyz tarapyndan giňden goldaw tapyp, Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde degişli çözgüt kabul edildi. Halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasynyň Başlygy wezipesine Gahryman Arkadagymyzyň bellenilmegi ýokary ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Berkarar döwletimizi dürli ugurlarda belent derejelere ýetirmekde ägirt uly işleri bitiren, döwleti dolandyrmakdaky pähim-paýhasy ählumumy ykrarnama eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi bolsa agzybir watandaşlarymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi.

Biziň bagtyýar durmuşymyzyň, ösüşlerimiziň we özgerişlerimiziň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal hem gaýduwsyz zähmeti dur. Biz umumymilli forumyň taryhy çözgütlerine tüýs ýürekden buýsanýarys.

Milli Liderimiz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň beýik ýoluny gurdy. Ýaşaýşymyzyň ähli ugurlarynyň öňe gitmegi, dürli kärlerde zähmet çekýän watandaşlarymyzyň işiniň rowaç, durmuşynyň abadan bolmagy ugrunda taýsyz tagallalar edip gelýär. Şonuň bilen birlikde syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işleriniň ilerlemegi üçin-de ähli şertleri döredip berdi.

«Biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys, biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn» diýip, Milli Liderimiz öz çykyşynda nygtady. Bu belent ynam bizi — ähli bilim işgärlerini döwrüň talabyndan ugur alyp, yhlasly işlemäge borçlandyrýar.

Wepa HALYMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com